Ýaponiýa ýadro desgalaryndan ýüz öwürmeýär

Ýadro elektrik beketlerinden ilkinjisini täze howpsyzlyk düzgünlerine görä ýaňadandan açyldy

324568
Ýaponiýa ýadro desgalaryndan ýüz öwürmeýär

Ýaponiýa Fukuşima ýadro betbagtçylygyndan soň 4,5 ýyldan bäri ulanylmaýan ýadro elektrik beketlerinden ilkinjisini täze howpsyzlyk düzgünlerine görä ýaňadandan açdy.
Ýurduň günortasynda ýerleşýän Sendai ýadro elektrik bekedine degişli 1-nji reaktoryň açylmagy bilen beket ýaňadandan hyzmada açyldy.
Geljek hepde anna güni elektrik togyny öndürmäge başlajak beket sentýabr aýyndan başlap doly mümkinçilikde işlemäge başlar.
Ýaponiýanyň Ýadro gözegçilik geňeşi Sendai ýadro reaktorynyň howpsyzlygyny geçen ýylyň sentýabr aýynda tassyklapdy.
Bekede degişli başga bir reaktor bolsa oktýabr aýynda açylar.
Ýaponiýada 2011-nji ýylda bolan ýer titremesinden we sunami apatyndan soň Fukuşima betbagtçylygy sebäpli käbir ýadro reaktorlary ýapylypdy.
Ýurtdaky ähli ýadro beketleri soňky iki ýylda täze howpsyzlyk düzgünlerine görä gözden geçirildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar