Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Siriýada hökümete degişli güýçleriň paýdagt Damaskyň golaýyndaky Daraýa etrabyna guran barrel bombaly hüjüminde asuda ilatdan 31 adam ýogaldy

324240
Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Daraýa Media merkezi we Jemgyýetçilik goranyş güýçleri hökümete degişli güýçleriň napalm bombasyny ulanandygyny öňe sürdi.
Oppozisionerler tarapyndan guralan roketaly hüjümde bolsa 1 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy.
Beýleki tarapdan Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarifiň resmi sapar bilen Damaska gitmegine garaşylýar.
Zarif resmi Tähranyň Siriýadaky çykgynsyzlygyny ortadan aýyrmak maksady bilen taýarlan “Parahatçylyk meýilnamasyny” siriýaly ýolbaşçylar bilen ara alyp maslahatlaşar.
Eýranyň täze parahatçylyk meýilbamasynda ileri tutulýan dört ugur bar.
Eýran çykgynsyzlygyň ortadan aýrylmagy üçin ilkinji nobatda gyssagly ýagdaýda hüjümleriň bes edilmegini teklip edýär. Meýilnama soňky tapgyrda milli jebislik hökümetiniň gurulmagyny, azlyklaryň goralmagyny we gözegçilikli saýlawlaryň geçirilmegini göz öňünde tutýar.
Siriýanyň Daşary işler ministri Welid Muallim we Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow hepdäniň başynda Tähranda meýilnama barada pikir alyşypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar