ABŞ terror guramasy PKK reaksiýa görkezdi

Amerikanyň Daşary işler ministrligi terror guramasy PKK-nyň hüjümlerden el çekmegini, basyşlaryny bes etmegini isledi

ABŞ terror guramasy PKK reaksiýa görkezdi

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mark Toner geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäniň Yragyň demirgazygynda terror guramasyna garşy guraýan howa operasiýalary baradaky soraglara jogap berdi.
Mark Toner terror guramasynyň Türkiýede esgerlere, polislere hüjüm guraýandygyny ýatladyp, resmi Ankaranyň özüni goraýandygyny we legal goranyş alyp barýandygyny nygtady.
“PKK hüjümlerini bes etmäge mejbur” diýen Toner: “Çaknyşyklaryň bes edişmegini, PKK-nyň çözgüt etabyna dolanyp barmagyny isleýäris” diýdi.
Toner howa operasiýalarynda asuda ilatyň ýitgi çekendigi baradaky soraglara bolsa, şeýle hüjümlerde käte asuda ilatyň zyýan çekip bilýändigini nygtap, esasy nyşananyň terror guramasydygyna ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar