Hyzmatdaş güýçleri DAİŞ-e hüjüm gurady

ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki halkara hyzmatdaşlygyna degişli güýçler terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşiň çäginde Siriýada we Yrakda 30 howa hüjümini durady

311253
Hyzmatdaş güýçleri DAİŞ-e hüjüm gurady

Tebigy berkararlylyk operasiýalarynyň Birleşen umumy jogapkärçilik güýjünden berilen beýanatda harby, bombardyman we uçarmansyz uçarlar bilen Siriýada 11 howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.
Hasakanyň golaýynda guralan howa hüjümlerinde guramanyň taktiki bölümleri bilen käbir ulaglarynyň hem-de bazalarynyň hatardan çykarylandygy habar berildi.
Halap, Kobani we Deýruzzor şäherleriniň golaýynda guralan hüjümlerde-de DAİŞ-iň taktiki bölümleriniň, ulaglarynyň we söweş giňişliginiň nyşana alynandygy nygtalýar.
Hyzmatdaş güýçleri Yraga-da 19 gezek howa hüjümini gurady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar