ABŞ Ýaponiýany hem diňläpdir

ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk agentliginiň (NSA) Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryny we kärhanalaryny diňländigi nygtalýar

309984
ABŞ Ýaponiýany hem diňläpdir

Wikileaks-yň internet saýtynda berilen habarlarda NSA-nyň Ýaponiýanyň hökümet binalaryny we ministrlikleri diňländigi beýan edilýär.

Wikileaks NSA-nyň diňlän Ýaponiýanyň kabinet ministrleriniň, Ýaponiýanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylarynyň, Ýaponiýanyň Maliýe we Söwda ministrlikleriniň telefon nomerlerini çap etdi.

Ýaponiýanyň hökümeti mesele bilen baglanşykly entek beýanat bermedi.

Wikileaks ozal hem ABŞ-nyň Fransiýanyň, Germaniýanyň we Braziliýanyň ýolbaşçylarynyň telefonlaryny diňländigini aýdypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar