Germaniýadan Eýrana ýokary derejeli sapar…

Germaniýanyň Federal Kansleriniň orunbasary Gabriel Eýranda saparda boldy

382434
Germaniýadan Eýrana ýokary derejeli sapar…

Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy bilen Germaniýanyň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygyndan soň Eýrana ýokary derejeli ilkinji sapar Germaniýa tarapyndan guraldy.
Uly işewür adamlar topary bilen Eýrana baran Germaniýanyň Federal Kansleriniň orunbasary we ykdysadyýet ministri Sigmar Gabriel Eýrana Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak barada çagyryş berdi.
Gabriel Eýranyň Germaniýa we beýleki günbatarly ýurtlar bilen ykdysady we diplomatik taýdan edýän gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmalydygyny aýtdy.
Ysraýylyň ykrar edilmegi meselesini gün tertibine getirtmejekdiklerini aýdan Gabriel Germananyň Eýran bilen Ysraýylyň arasynda töwellaçy bolup biljekdigini nygtady.
Germaniýa embargolardan ozal Eýrana iň köp haryt esport edýan ýurt ýagdaýyndady, 2007-nji ýyldan soň bolsa Hytaý Eýrana iň köo haryt esport edýän ýurt boldy.
Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy bilen Germaniýanyň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygyndan soň beren ilkinji beýanatynda ylalaşygyň Eýranyň sebitdäki syýasatyny üýtgetmejekdigini aýdypdy.
Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu hem Eýranyň terror guramalaryna maliýe we ýarag kömegini bermäge dowam etjekdigini öňe sürüpdi we Amerikan kongresine gazanylan ylalaşygy tassyklamazlygy hakynda çagyryş beripdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar