Ukrainada dartgynlyk dowam edýär

Ukrainanyň günbatarynda neo-nasistler polis bilen çaknyşdy, 2 adam ýogaldy

379504
Ukrainada dartgynlyk dowam edýär

Ukrainanyň Polşa we Wengriýa serhediniň golaýyndaky Mukaçewo şäherinde neo-nasistler awtomatiki ýaraglar we roketalar bilen halk deputatlaryndan birine degişli sport desgasyna hüjüm gurady
Plisiň waka çäre görmegi sebäpli neo-nasistler 2 polis ulagyny oda berdi. Çaknyşykda 2 neo-nasist öldi.
Tokaýa gaçan neo-nasistler ýaraglaryny taşlap, boýun egmegi kabul etmeýärler.
Mukaçewo şäherinde çaknyşyklar dowam edýär, şäheriň ýollary gatnawa ýapyldy.
Beýleki rasist partiýalar hem Sag sektora goldaw bermek üçin Kiýewde köçelere çykdy. Rasistler Mukaçewo goşmaça güýç ugradandyklaryny habar berdi.
Rasistler içeri işler ministriniň wezipeden çekilmegini we özleri bilen çaknyşykan polisleriň jezalandyrylmagyny isleýär.
Ukrainada Ýanukowiçiň häkimiýet başyndan agdarylmagynda güýçli pozisiýa eýelän Sag sektor partiýasy hökümetiň çalşandygyna garamazdan ýaraglaryny taşlamagy kabul etmeýär.
Halkara Günägeçişlik guramasy Sag sektor partiýasyny asuda ilaty zamun alyp, gynamakda, ýesir alyp saklamakda aýyplaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar