"Palestinaly tussaglylaryň ýagdaýyna alada bildirýäris"

Mun 5-nji maýda açlyk yglan eden ydyr Adnanyň ýagdaýyna alada bildirdi

321860
"Palestinaly tussaglylaryň ýagdaýyna alada bildirýäris"

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun Ysraýylyň tussaghanalarynda 5-nji maýda açlyk yglan eden we şol günden bäri maksatlaryna ýetmek üçin açlyk göreşini dowam etdirýän Palestinaly Yslamy Jihad guramasynyň ýolbaşçylaryndan Hydyr Adnanyň ýagdaýyna alada bildirýändigini nygtady.
Ysraýylly ýolbaşçylardan, Hydyr Adnan bilen birlikde beýleki tussaglylar üçin kaziýet işini gozgamaklaryny ýada tussaglylaryň boşadylmagyny islän Pan Gi Mun, tussaglylaryň halkara kadalaryna laýyklykda adalatly ýagdaýda kaziýet işine çekilmek hukuklarynyň bardygyny ýada boşadylmalydygyny aýtdy.
Ysraýylyň howpsyzlyk gullugy, gizlin howpsyzlyk maglumatyna esaslanyp “ýolbaşçylaryň tussag edilmegi” ady bilen Palestinalylary 6 aýdan bäri göz tussaglygynda saklaýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar