NATO-Russiýa çekeleşigi dartgynlaşýar

NATO Brýusselde täze goranyş strategiýasyny ara alyp maslahatlaşýan bolsa Russiýa hem günbatara garşy sanksiýalarynyň möhletini 2016-njy ýylyň iýunyna çenli uzaltmak barada karar kabul etdi

318876
NATO-Russiýa çekeleşigi dartgynlaşýar

NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleri Brýusselde hyzmatdaşlygyň täze goranyş strategiýasyny seljermek üçin duşuşdylar.
Maslahatyň birinji gününde NATO-nyň Russiýa bilen täze ýaraglanşyk bäsleşigine başlamajak niýetiniň ýokdugy beýan edildi, emma goranyş güýjüniň 13 müňden 40 müňe ýetirilmeginiň gün tertbindedigi nygtaldy.
Russiýa bolsa günbatar ýurtlarynyň ekerançylyk önümleriniň importyna goýan gadagançylygyny 2016-njy ýylyň iýun aýyna çenli uzaltdy.
ÝB-niň şu hepde Russiýa goýlan sanksiýalaryň 2016-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli uzaltmak barada karar kabul etmeginden soň Russiýanyň hem öz sanksiýalarynyň möhletini uzaltmagyna garaşylýardy.
Maslahatyň şu gün geçiriljek ikinji bölüminde Ukraina meselesi we Russiýa bolan çemeleşme barada pikir alyşylar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar