Akynjy bilen Anastasiadis ara zolakda duşuşdy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezident Mustafa Akynjy bilen adanyň grek böleginiň lideri Ninos Anastasiadis gepleşik etabynyň çäginde ara zolakda duşuşdylar

307424
Akynjy bilen Anastasiadis ara zolakda duşuşdy

BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça şahsy geňeşçisi Espen Aýdänin ýer eýeçiginde geçirilen duşuşyga BMG-nyň Baş sekretarynyň şahsy wekili Liza Buttenhaým bilen birlikde Kipriň türk tarapyndan gepleşikleri alyp baryjy Özdil Nami we grek tarapyndan gepleşikleri alyp baryjy Andreas Mawroýannis hem gatnaşýarlar.
Liderleriň duşuşykdan soň beýanat bermegine garaşylýar.
Kipr gepleşikleri ýedi aýlyk aradan soň 15-nji maýda ýaňadandan başlady. Akynjy we Anastasiadis soňky gezek 8-nji iýunda Limasoldaky medeni çärä gatnaşypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar