Siriýanyň Ýaragly güýçleri oppozisionerlere hüjüm gurady

Hüjümde 11 adam ýogaldy

298657
Siriýanyň Ýaragly güýçleri oppozisionerlere hüjüm gurady

Asada tabynlykdaky güýçlere degişli dik uçaryň Halapda oppozisinerleriň gözegçiligi astyndaky etrapça barrel bombasy bilen guran hüjüminde 11 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy.

Oppozisionerleriň ýolbaşçylary tarapyndan berilen maglumata görä Halabyň Ensari etrapçasyndaky çörek bişirilýän kärhana barrel bombasy bilen guralan hüjümde 5 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.

Şäheriň Şear etrapçasyna guralan hüjümde bolsa 6 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.

Howa hüjüminiň netijesinde ençeme ulaga zeper ýetdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar