Nigerýada kamikaze hüjümi guraldy

Hüjümlerde jemi 33 adam ýogaldy

Nigerýada kamikaze hüjümi guraldy

Nigerýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Adamawa welaýatynda bazara guralan kamikaze hüjüminde 25 adam ýogaldy.

Şäherde geçen hepdäniň ahyrynda Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde 30-da gowurak adam ýogalypdy.

Maidguri şäherinde harby gözegçilik merkezine ulaga ýüklenen bomba bilen guralan hüjümde bolsa 8 esger ýogaldy.

Boko Haram 2009-njy ýyldan bäri ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Borno, Adamawa we Ýobe welaýatlaryna hüjüm guraýar.

BMG-sy Nigerýada Boko Haramyň 2014-nji ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 7 müň 300-den gowurak adamyň ýogalandygyny habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar