DAIŞ bilen Talibanlaryň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy

Çaknyşykda 10 Talibanly başbozar öldi

293325
DAIŞ bilen Talibanlaryň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy

Owganystanyň gündogarynda terror guramasy DAIŞ bilen Talibanly başbozarlaryň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy.

Waka Talibanly başbozarlaryň Pakistanyň serhediniň golaýyndaky Owaganystanyň Ýaragly güýçleriniň gözegçiligi astyndaky Aşin sebitine guran hüjüminden soňra emele geldi.

Hüjüm owgan esgerleri tarapyndan yzyna serpikdirilmeginden soň Talibanlylar gaçmaga başlady.

Gaçyp barýan Talibanly başbozarlara DAIŞ tarapyndan hüjüm edildi. Hüjümde 10 adam öldi.

DAIŞ öz hataryna goşulmagy kabul etmeýän 10 Talibanly başbozary öldürdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar