Hyzmatdaş güýçleri maglumat alyşmagyň çägini giňelder

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mari Harf terror guramasy DAİŞ-e garşy döredilen hyzmatdaşlyga goşulan ýurtlar bilen maglumat alyşmagyň çägini giňeltmek barasynda ylalaşandyklaryny aýtdy

291796
Hyzmatdaş güýçleri maglumat alyşmagyň çägini giňelder

Gurama garşy Yragyň hökümetine berilýän goldawyň depginini güýçlendirendiklerini nygtan Harf, şeýle-de Anbar welaýatynyň terrorçylardan halas edilmeği üçin müň sany antitank ýaragynyň geçen aý Yraga ugradylandygyny mälim etdi.
Düýn Fransiýanyň Paýtagty Parižde geçirilen we DAİŞ-e garşy göreş boýunça goşmaça kararlaryň kabul edilen maslahatynda çykyş eden Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi, hyzmatdaşlyga goldaw berýän 25 ýurtdan goldawyň çägini giňeltmeklerine garaşýandyklaryny beýan edipdi.
Howa hüjümleriniň ýeterlik däldigini hem nygtan Abadi, DAİŞ-iň hataryna goşulýan daşary ýurtly söweşijileriň sanynyň günsaýyn artýandygyna ünsi çekipdi. 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar