Siriýa gepleşikleri dowam edýär

Mistura Eýranyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri bilen duşuşdy

295175
Siriýa gepleşikleri dowam edýär

Siriýa krizisiniň çözülmegi maksady bilen geçirilýän gepleşikler dowam edýär.
BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Stefan dö Mistura Ženewada geçirilýän gepleşikleriň çäginde Eýranyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri bilen duşuşdy.
Mistura Siriýada hüjümleriň bes edilmeginde sebit ýurtlarynyň oýnaýan rolyna ünsi çekdi we halka ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin hüjümleriň bes edilmegi çagyryşyny berdi.
Gepleşiklerde kzisiziň syýasy taýdan çözülmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy.
İlçiler, wekiller we hünärmenler derejesinde 5-nji maýda başlan we taraplar bilen aýry aýry geçirilýän Siriýa gepleşikleriniň 4-6 hepde dowam etmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar