Siriýa gepleşikleri dowam edýär

Mistura Siriýa türkmen mejlisiniň başlygy Abdurrahman Mustafa bilen duşuşdy

Siriýa gepleşikleri dowam edýär

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura Ženewada geçirilýän Siriýa gepleşikleriniň çäginde Siriýa türkmen mejlisiniň başlygy Abdurrahman Mustafa bilen duşuşdy.
Özara duşuşykdan soň beýanat beren Mustafa, Mistura bilen Siriýadaky türkmenleriň başdan geçirýän kynçylyklary barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Mustafa Siriýanyň bitewiliginiň goralmagy üçin türkmenleriň garaýyşlaryna ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Abdurrahman Mustafa Siriýa türkmen mejlisiniň adyndan Mistura 16 maddalyk teklip hödürländiklerini aýtdy.
5-nji maýda ilçiler, wekiller we hünärmenler derejesinde başlan we taraplar bilen aýry-aýry geçirilýän Siriýa gepleşikleriniň 4-6 hepde dowam etmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar