Akynjy we Anastasiadis medeni çärä gatnaşarlar

Kiprde uzak aradan soň ýaňadandan başlan gepleşikler ýokary depginde dowam edýär

284826
Akynjy we Anastasiadis medeni çärä gatnaşarlar

İki tarapyň wekilleri gepleşikleri dowam etdirýän bolsa, liderler hem ertir jemgyýetçilik çärelerinden birinde duşuşarlar.
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Mustafa Akynjy adanyň grek dolanşygynyň lideri Nikos Anastasiadisi Lokmajy barrikadasynda garşy alar.
Liderler Lefkoşanyň türk tarapynda gysgaça gezelenç ederler.
Liderler kofe arakesmesinden soň grek tarapyna geçip, ol ýerde “Uzyn ýol” atlandyrylýan bazara baryp görerler.
Liderlere gezelençleriniň dowamynda taraplaryň gepleşikleri alyp baryjylary bilen birlikde Lefkoşanyň türk we grek häkimleri, liderleriň metbugat geňeşçileri ýoldaşlyk ederler.
Gepleşikleriň çäginde liderleriň nobatdaky duşuşygy bolsa 28-nji maýda geçiriler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar