ABŞ-da ýaragly çaknyşyk

Çaknyşykda 9 adam ýogaldy

279886
ABŞ-da ýaragly çaknyşyk

Amerikanyň Tehas ştatynda motosiklli 2 toparyň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşykda 9 adam ýogaldy, 18 adam ýaralandy.
Wakadan soň Wakonyň polis işgärleri 192 adamy tussag etdiler.
Tussag edilen toparlar guramaçylykly jenaýatlara gatnaşmakla aýyplanýar.
Wako şäherinde garşydaş mostosiklli toparlar aralaryndaky düşünişmezlikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin restoranda duşuşdylar.
Toparlar aralaryndaky düşünişmezlikleri çözüp bilmän restoranyň maýdançasyna gidip ilki ýumruklaşmaga başladylar, soňra bolsa ara pyçaklar we tüpeňler girdi.
Toparlaryň arasyndaky dawanyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek bilinenok.
Wakanyň bolan ýerinde 100-e golaý ýarag ele geçirildi.
Resmiler motosikletli garşydaş toparlaryň arasynda uzak wagt bäri düşünişmezlikleriň bardygyny, täze wakanyň bolmazlygy üçin howapsyzlyk çäreleriň alynandygyny beýan etdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar