Kerri Russiýa bardy

Kerri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy

Kerri Russiýa bardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Ukraina we Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Russiýa bardy.
Kerri Soçi şäherinde Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy.
Kerri bilen Lawrow ilki Soçidäki harby ýadigärlige gül desselerini goýdy.
Jon Kerri bilen Lawrow duşuşykda Ukraina meselesi we Siriýada 4 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän çaknyşyklar barada pikir alyşdy.
Kerri saparynyň çäginde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hem duşuşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar