Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Siriýada oppozisionerleriň soňky günlerde gazanan harby üstünlikleri hökümeti howsala düşürýär

269848
Siriýa dartgynly bolmagynda galýar

Siriýanyň Milli howpsyzlyk ofisiniň başlygy Ali Mamluk harby agdarlyşyga synanşmakda aýyplanyp, tussag edildi.
Mamluk oppozision toparlara goldaw beren ýurtlar bilen gizlik gepleşikler geçirmek bilen günäkärlenýär.
Mamlugyň birnäçe wagt mundan ozalam Siriýanyň Prezidenti Başar Asadyň otagyna arkaýyn girip-çykýan birnäçe adamdan biridigi nygtalýar.
Eýranyň soňky aýlarda Siriýa ýetirýän täsirini güýçlendirmeginin hem Siriýanyň howpsyzlyk gullugynda dartgynlyga sebäp bolandygy habar berilýär.
Beýleki tarapdan siriýaly oppozisionerleriň ýokary guramasy “Fetih goşunyna” degişli güýçler İdlibiň Jisri Aşşugur etrabyndaky Watan hassahanalar kompleksindäki gabawy böwüsmäge synanşan hökümete degişli esgerler bilen bolan çaknyşykda Hizbullaha degişli söweşijiler bilen birlikde 70 esgeriň ýogalandygyny habar berdi.
Oppozisionerler Kafr, Karkur we Freýk obalaryndan Jisri Aşşugur etrabyna tarap süýşmäge synanşýan hökümete degişli güýçlere degişli 4 tank bilen köp sanly harby ulagy hatardan çykarandyklaryny hem mälim edýär.
Oppozision toparlar “Fetih goşuny” guramasy ady bilen aprel aýynda İdlibe hüjüm gurap, şäher merkezini dolulygyna gözegçilik astyna alypdy.
Ol ýerden gaçan 250-ä golaý esger bolsa şäheriň golaýynda ýerleşýän we 4 ýyldan bäri harby karargäh hökmünde peýdalanylýan Watan hassahanalar kompleksine sygynypdy.
2011-nji ýylyň mart aýynda Siriýada içerki urşuň başlamagyndan bäri İdlibde we golaýdaky etrapdyr obalarda azyndan 14 müň adam ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar