Siriýa gepleşikleri başlaýar

Gepleşikleriň birinji tapgyrynyň 5-6 hepde dowam etmegine garaşylýar

Siriýa gepleşikleri başlaýar

Siriýa gepleşikleri 4-nji maýda başlaýar.
BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda Siriýa gepleşikleriniň BMG-nyň Ženewdaky merkezi jaýynda geçiriljekdigi we gepleşikleriň birinji tapgyrynyň 5-6 hepde dowam etmegine garaşylýandygy nygtaldy.
Beýanatda BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Misturanyň gepleşiklere mümkin gadar has köp wekil çagyrandygy ýatladyldy.
Beýanatda gepleşiklere çagyrlanlaryň arasynda Siriýanyň hökümetiniň, oppozisianyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, sebitara we halkara derejesinde esasy orun eýeleýän taraplaryň bardygy bellenildi.
Beýanatda gepleşikleriň tamamlanmagyndan soň Misturanyň taraplaryň talaplary we öz garaýyşlary barada ýörite habarnama taýarlap BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Muna hödürlejekdigi nygtaldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar