Eýran Siriýa gepleşiklerine çagyryldy

Ilçiler we hünärmenler derejesinde geçiriljek gepleşikler 4 ýada 6 hepde dowam eder

Eýran Siriýa gepleşiklerine çagyryldy

Siriýa gepleşiklerine Eýran hem çagyryldy.
BMG-nyň metbugat geňeşçisi Ahmed Fewzi Anadoly Habarlar gullugyna beren beýanatynda Eýranyň 4-nji maýda Ženewada başlajak parahatçylyk gepleşiklerine çagyrlandygyny aýtdy.
Fewzi gepleşiklere çagyrlan ýurtlar barada maglumat berilmejekdigini belledi.
BMG geçen hepde çakylyklaryň degişli ýurtlara ugradylandygyny, ilçiler we hünärmenler derejesinde geçiriljek gepleşikleriň 4 ýada 6 hepde dowam etjekdigini habar beripdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar