Nigeriýada Boko Haramyň hüjümlerinden esasan çagalar zyýan çekdi

Hüjümler sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur bolan çagalaryň sany 800 müňe ýetdi

242834
Nigeriýada Boko Haramyň hüjümlerinden esasan çagalar zyýan çekdi

BMG-nyň Çagalara Kömek Gaznasy UNİSEF çagalaryň başdan geçirýän pajygasyny “Dereksiz ýiten çagalar” habarnamasynda beýan etdi.
UNİSEF 276 gyz talybyň Çibokdaky mekdeplerinden Boko Harama agza terrorçylar tarapyndan zamun alynmagynyň 1-nji ýylynda çap eden habarnamasynda 2009-njy ýyldan bäri regiondan gaçan 1,5 million nigeriýalynyň 800 müňüniň çagalardan ybaratdygy nygtalýar.
Habarnamada öýlerini terk etmäge mejbur bolanlaryň 1,2 millionynyň ýurduň içindäki başga etraplarda, 200 müň sanysynyň bolsa goňşy ýurtlara sygynandygy bellenilýär.
Çaknyşyklaryň dowamynda 15 müň adamyň ýogalandygyna üns çekilýän habarnamada, diňe geçen ýylyň dowamynda 7300 adamyň ýogalandygy, terrorçylaryň şu ýylyň dowamynda guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň müňden geçendigi beýan edilýär.
Habarnamada geçen ýyl ýurtdaky 300 mekdebe hüjüm guralandygy, 196 mugallym bilen 314 okuwçynyň öldürilendigi nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar