ABŞ Russiýa duýduryş berdi

2014-nji ýylda-da şular ýaly waka Ohotsk deňizinde emele gelipdi

234799
ABŞ Russiýa duýduryş berdi

ABŞ geçen hepde rus uçarynyň Baltika deňiziniň üstünde gözegçilik uçuşyny ýerine ýetirýän amerikan uçarynyň yzyna düşendigi üçin Russiýa duýduryş berdi.

ABŞ Russiýanyň SU-27 kysymly uçary 7-nji aprelde Baltika deňiziniň üstünde gözegçilik uçuşyny ýerine ýetirýän RC-135U kysymly amerikan uçaranyň yzyndan kakyşjak derejede ýanaşandygy üçin “Howply we professional däl hereket” diýip beýanat berdi.

Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat geňeşçisi Mark Wraiýt: “Howadaky bular ýaly hereketler uçarlaryň içindäki ähli ekipaža howp salýar. Uçarmanyň seresapsyz hereketleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmagyna sebäp bolup biler” diýip beýanat berdi.

Russiýa bolsa “Amerikan uçarynyň Russiýanyň howa giňişligine dogry gelýärkä anyklanandygyny, rus uçarynyň bolsa transponder enjamynyň ýapyk ýagdaýda uçandygyny” beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar