Siriýa maslahaty netijesiz

Moskwada ikinjisi geçirlen Siriýa maslahaty netije bermedi.

 Siriýa maslahaty netijesiz

Russiýanyň paýtagty Moskwada Siriýanyň hökümetiniň we siriýaly oppozisionerleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ikinjisi geçirlen Siriýa maslahaty netije bermedi.
Siriýada iş alyp barýan Utgaşyklyk geňeşiniň Baş sekretary Hasan Abdulaziz mesele barasynda beren beýanatynda Siriýanyň hökümetine wekilçilik eden toparyň alyp baran ylalaşyksyz tutumy sebäpli gepleşiklerden hiç hili netije alyp bilmändiklerini aýtdy.
Milli Çagyryş platformasynyň başlygy Semir Al Aýta hem Siriýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Başşar Al Jaferiniň hem meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan çetde durandygyny we içgin çemeleşmändigini aýtdy.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar