ABŞ-da uçar heläkçiligi

Uçardaky 7 adam ýogaldy

ABŞ-da uçar heläkçiligi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hususy uçar ýere gaçdy.

ABŞ-nyň Federal awiasiýa edarasy hususy uçaryň Indianapolis howa menzilinden uçandan gysga wagt soň, Blumington şäheriniň golaýynda ýere gaçandygyny habar berdi.

Uçarda Amerika uniwersiteti Sport federasiýasi tarapyndan gurnalan (NCAA) basketbol bäsleşiginden dolanyp gelýän tälimçiler we türgenler bardy.

Waka bilen baglanşykly derňew işler geçirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar