Owganystanda çaknyşyk
Owganystanda Talibanyň başbozarlary bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy
277205
Owganystanyň demirgazygyndaky Jewizjan welaýatynyň Akja etrabynda Talibanyň başbozarlary bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşykda 4 adam ýogaldy.
Akja etrabynyň polis gözegçilik merkezine hüjüm guran başbozarlar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyk bir sagada golaý dowam etdi.
Etraba resmi bolmadyk döwlet belgili ulag bilen gelen başbozarlar çaknyşykdan soň ulagyny taşlap, gaçdylar.
Waka bilen bagly derňew işi başladyldy.
Taliban çaknyşykda 5 polis gullukçysynyň ýogalandygyny, polisleriň ýaraglarynyň ele geçirilendigini öňe sürdi.
Degişli Habarlar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.