ABŞ-da täze metjit guruldy

Amerikada ilatyň aglabasy meşheti türklerden ybarat bolan Massaçusets ştatynyň Springfield şäherçesinde täze metjit guruldy

276488
ABŞ-da täze metjit guruldy

Ahyska türk-amerikan medeniyet merkezi bilen metjit, ýurduň Müftüliginiň we Ahyska türk-amerikan gaznasy konseýiniň wekilleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda açyldy.

Merkeziň açylyş lentasyny Adalat we ösüş partiýasynyň Stambulyň halk deputaty Metin Külünk, Springfieldiň häkimi we senatorlar kesdi.

Açylyş dabarasynda ilki bilen Gurhanyn kabir ayatlary okaldy.

Ahyska türk-amerikan medeniyet merkeziniň başlygy Mehdi Osmanly birnäçe ýyllaryň dowamynda sürgün edilen we gyrylyp öldürilen meşheti türkler üçin bu günüň möhüm bir gündügini belledi.

Mehdi Osmanly Medeni merkeziň açylmagyna goşant goşandygy üçin Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogana minnetdarlygyny bildirdi.

Metin Klünk ahyskaly türkleriň ýalňyz däldiklerini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar