ABŞ şertnamany ykrar etmeýär

ABŞ Russiýa bilen Günorta Osetýanyň arasynda baglaşylan şertnamany ykrar etmeýär

ABŞ şertnamany ykrar etmeýär

ABŞ Russiýa bilen Gürjistandan bir taraply ýagdaýda garaşsyzlygyny yglan eden Günorta Osetýanyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnamasyny ykrar etmeýändigini nygtady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Psaki gündelik metbugat ýygnagynda beren beýanatynda “Ne bu şertnamanyň ne-de 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Abhaziýa bilen baglaşylan şertnamanyň biziň üçin kanuny güýji ýok”diýip belledi.
Psaki “Basyp alyşlyk astyndaky Günorta Osetýa bilen Abhaziýa Gürjistana degişlidir. Gürjistanyň garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine goldaw berýäris” diýip belledi.
Russiýa bilen Gürjistandan bir taraply ýagdaýda garaşsyzlygyny yglan eden Günorta Osetýanyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnamasy taraplaryň arasynda sosial, ykdysady, syýasy, goranyş we howpsyzlyk taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini öz içine alýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar