Pakistanda bombaly hüjüm guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini Talibanly başbozarlar öz üstüne aldy

265055
Pakistanda bombaly hüjüm guraldy

Pakistanyň Lahor şäherinde bolan bombaly hüjümde 14 adam ýogaldy, 80 adam ýaralandy.

Kamikaze hüjümi 100 müňden hem köp hristiýanyň ýaşaýan etrapçasyndaky 2 buthananyň ýanynda guraldy .

Hüjümiň jogapkärçiligini Talibanly başabozarlar öz üstüne aldy.

Hüjümden soň gahar-gazaba münen märeke ýaragly iki adamy urup öldürdi.

Lahor hüjümi Talibanly başbozarlaryň 2013-nji ýylda Peşawarda guran we 82 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümden soň ýurduň ikinji uly hüjümidir.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar