ABŞ bilen Kubanyn arasynda ýörite telefon ulgamy

ABŞ bilen Kubanyň arasynda 15 ýyl soň gönüden telefon ulgamy çekildi

260384
ABŞ bilen Kubanyn arasynda ýörite telefon ulgamy

Şol ulgam çekilmezden ozal telefon gepleşikleri 3-nji ýurtlaryň üsti bilen we gymmat nyrhlardan geçirilýärdi.
Şeýlelikde iki ýurduň diplomatik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin dekabr aýynda eden başlangyçlarynyň ilkinjisini telefon ulgamy baradaky ylalaşyk emele getirdi.
Kubanyň döwlet aragatnaşyk edarasy “Eteka” ulgamyň ilki dine telefon aragatnaşygy üçin boljakdygyny, uzak möhletde internet ulgamynyň hem ýola goýuljakdygyny beýan etdi.
Beýanatda “Gönüden aragatnaşyk ulgamynyň ýaňadandan ýola goýulmagy iki ýurduň we raýatlarynyň arasynda infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagyna hemde döwrebap aragatnaşygyň ýola goýulmagyna goşant goşar” diýilýär.
Beýleki tarapdan diplomatik gatnaşyklaryň kadalaşmagy ugrundaky tagallalaryň çäginde iki ýurduň wekiliýetleriniň aýyň ahyryna çenli Gawanada duşuşmagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar