Memnun Hüseýin musulman ýurtlaryna çagyryş berdi

Musulman ýurtlaryna howpsyzlyk meselesini çözmek üçin jebislik çagyryşy berildi

252988
Memnun Hüseýin musulman ýurtlaryna çagyryş berdi

Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin musulman ýurtlaryna howpsyzlyk meselesini çözmek üçin jebislik çagyryşyny berdi.
Prezident Hüseýin Türkiýe-Aziýa strategik ylmy barlag merkezi tarapyndan paýtagt Yslamabatda geçirlen Musulman ýurtlarynyň ylmy barlag guramalarynyň 6-njy maslahatyna gatnaşdy.
Prezidemt Hüseýin maslahatda sözlän sözünde musulman ýurtlarynyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigini belledi.
Memnun Hüseýin musulman halklarynyň arasynda başdan geçirilýän messep we terrorçylyk ýaly meseleleriň asla yslam dininiň kadalaryna bap gelmeýändigini nygtady.
Hüseýin “Pakistan hökmünde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň, Palestinanyň, Bosniýa-Gersogowinanyn özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine goldaw bermäge dowam ederis” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar