Eýranyň dini lideriniň saglygy barada beýanat berildi

Beýanatda Eýranyň dini lideri Hamaneýiň saglyk ýagdaýynyň gowudygy habar berildi

253401
Eýranyň dini lideriniň saglygy barada beýanat berildi

Eýranyň dini lideri Aýatulla Ali Hamaneý mundan birnäçe gün ozal prostatadan operasiýasy edildi. Hamaneýiň saglyk ýagdaýynyň gowudygy habar berildi.

Operasiýany eden lukmanyň ogly beren beýanatynda Hamaneýiň saglyk ýagdaýnyň gowudygyny we gündelik işlerini dowam etdirýändigini aýtdy.

Beýanatda Hamaneýiň operasiýa ediljekdiginiň ilkinji bolup Eýranyň hökümediniň metbugata habar berendigini, Ysraýylyň metbugatynda Hamaneýiň rak keseli bilen keselländigi baradaky habarlaryň bolsa ýalandygyny aytdy.

Hamaneýiň twitter hasabynda lideriň operasiýadan soň Tähranyň ýanyndaky daglaryň birinde düşen suraty bar


Etiketkalar:

Degişli Habarlar