BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Siriýany ýazgardy

Siriýadaky çaknyşlyklarda hlor gazynyň ýarag hökmünde ulanylmagy ýazgaryldy

252405
 BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Siriýany ýazgardy

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Siriýadaky çaknyşlyklarda hlor gazynyň ýarag hökmünde ulanylmagyny ýazgardy, gaýtalanan halatynda berk çäre görüljekdigi duýduryşy berildi.
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Siriýanyň hökümetine goldaw berýän Russiýa bilen Hytaý hem Siriýanyň ýazgarylmagy baradaky duýduryşa “kabul” sesini berdi.
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzasy Wenesuella bolsa ses bermekden saklandy.
Hlor gazynyň beýleki himiki ýaraglar bilen şol bir aýratynlyga eýedigi we ynsanlaryň ýogalmagyna sebäp bolup bilýändigi nygtaldy.
Söwdasy erkin bolan hlor gazynyň ýarag hökmünde ulanylmagy 1997-nji ýylda gadagan edilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar