YSYS agyr günleri başdan geçirýär

Terrorçylar operasiýada dik uçarlaryň ulanylmagynyň öňüni almak üçin şäheriň golaýyndaky nebit känlerini oda berdi

251586
YSYS agyr günleri başdan geçirýär

Terror guramasy YSYS Tikrit operasiýalary sebäpli agyr günleri başdan geçirýär.
Terror guramasy YSYS Yragyň ýaragly güýçleriniň, söweşijileriň we eýranyň howpsyzlyk güýçleriniň goldaw bermegine Tikrit şäherinde guralýan operasiýalar sebäpli agyr günleri başdan geçirýär.
Şäher 30 müň adamlyk harby topar tarapyndan gabaw astyna alyndy.
Gurama agza bolan terrorçylar operasiýada dik uçarlaryň ulanylmagynyň öňüni almak üçin şäheriň golaýyndaky nebit känlerini oda berdi.
4 günden bäri dowam edýän operasiýalar sebäpli şäherdäki asuda ilatyň ýagdaýyna alada bildirilýär.
BMG gabaw astyndaky şäherden gaçandygy öňe sürülýän müňlerçe adama ynsanperwer kömegini ugratdy.
Tikridiň gözegçiligini ele geçirmegi maksat edinýän operasiýa harby taýdan goldaw bermedik ABŞ-nyň bolsa Yragyň ikinji uly şäheri Mosulyň yzyna alynmagy üçin guraljak operasiýanyň hatarynda ýer almagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar