Nýu Ýorkda Oraza we Gurban baýramlary resmi dynç alyş...

Blasio karary “şäheriň köp dürlüligine sarpa goýan karar” hökmünde häsiýetlendirdi

249220
Nýu Ýorkda Oraza we Gurban baýramlary resmi dynç alyş...

Nýu Ýorkda Oraza we Gurban baýramlary resmi dynç alyş hökmünde yglan edildi.
Nýu Ýorkyň şäher häkimi Bill De Blasio yslam dininiň mukaddes günleri bolan Oraza we Gurban baýramlarynda resmi dynç alyşyň beriljekdigini habar berdi.
Şäher häkimi Blasio karary “şäheriň köp dürlüligine sarpa goýan karar” hökmünde häsiýetlendirdi.
Blasio internet arkaly beren beýanatyndan soň Bilim müdüri bilen mesele barada pikir alyşdy.
Duşuşykdan soň şäher häkimligi tarapyndan berlen beýanatda Nýu Ýorkda döwlet eýeçiligindäki mekdeplerde ilkinji resmi dynç alyşyň 2015-2016-njy okuw ýylynda 24-nji sentýabrda Gurban baýramynyň birinji güni beriljekdigi nygtaldy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar