Hytaýyň goranyş bujetini artdyrmagy aladalandyrýar

Hytaý 2015-nji ýylda goranyş bujetini 10 göterim artdyrar

248564
Hytaýyň goranyş bujetini artdyrmagy aladalandyrýar

Hytaý goranyş bujetini artdyrýar.
Hytaý 2015-nji ýylda goranyş bujetini 10 göterim artdyryp 145 milliard dollara çykarjakdygyny habar berdi.
20 ýyldan bäri goranyş bujetini yzygiderli ýagdaýda artdyrýan Hytaý, ABŞ-dan soň harby taýdan iň köp çykdajy edýän ýurt.
Hytaý harby çykdajylaryny geçen ýyl 12,2 göterip artdyryp 130 milliard dollara çykarypdy.
Hytaý goranyş bujetiniň esasy bölegini goşunyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin ulanjakdygyny habar berdi.
Hytaýyň goranyş bujetini yzygiderli ýagdaýda artdyrmagy käbir goňşy ýurtlary aladalandyrýar.
Hytaý bilen serhet meselesinde düşnüşip bilmeýän Ýaponiýa hem soňky 3 ýyldan bäri harby çykdajylaryny artdyrýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar