Tikrit şäheriniň yzyna alynmagy üçin operasiýalar dowam edýär

Tikrit şäheri resmi Bagdat üçin simwoliki we strategik taýdan diýseň möhüm

247985
Tikrit şäheriniň yzyna alynmagy üçin operasiýalar dowam edýär

Yragyň ýaragly güýçleriniň terror guramasy YSYS-yň gözegçiligi astyndaky Tikrit şäherini yzyna almak üçin guraýan operasiýalary dowam edýär.
Şaýy söweşijiler bilen sünni taýpalaryň goldaw bermeginde dowam edýän operasiýada şäheriň ýarysyndan gowragynyň gözegçiligini ele geçiren Yragyň ýaragly güýçleri, şäheriň merkezine tarap öňe barýar.
Meibidi etrabynda gözegçiligi ýola goýan Yragyň ýaragly güýçleri Kerkuk-Tikrit gara ýoluny gatnawa ýapdy.
Tikrit şäheri resmi Bagdat üçin simwoliki we strategik taýdan diýseň möhüm.
Saddam Hüseýiniň doglan ýeri bolan şäher ABŞ-nyň guran harby operasiýasyndan soň sünni söweşijileriň merkezi kabul edilýärdi.
Tikridiň yzyna alynmagy terror guramasy YSYS-a garşy göreşde Mosulyň yzyna alynmagy taýdan hem diýseň möhüm.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar