Ysraýyl harby türgenleşik geçirýär

Ysraýyl Günbatar Şeriada harby türgenleşik geçirýär

Ysraýyl harby türgenleşik geçirýär

Ysraýylyň ýaragly güýçleri Günbatar Şeriada 3 müň esgeriň gatnaşmagynda iki gün dowam etjek harby türgenleşige başlady.
Ysraýylyň ýaragly güýçleri mundan başgada 10 müň esgere hüşgär bolmaklary barada buýruk berdi.
Ysraýylyň resmileri harby türgenleşigiň iki ýylda bir sapar geçirilýän adaty türgenleşikdigini nygtadylar.
Emma, Ysraýylyň "Haares" habarlar gullugy harby türgenleşigiň esasy maksady goşunyň Günbatar Şeriada ýüze çykyp biljek çaknyşyklara garşy geçirilýändigini habar berdi.
Mundan başgada "Haares" habarlar gullugy harby türgenleşikde howa güýçleriniň, razwedkanyň we ýöriteleşdirilen harby toparlaryň bardygyny, Ysraýylyň içeri razwedkasy Şin Betiň ýolbaşçylygy astynda geçirilýändigini we zamun almaklyga garşy tiz jogap bermek usullaryna taýarlygy hem öz içine alýandygyny mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar