ABŞ Eýrana duýduryş berdi

Kerri ABŞ-nyň gepleşiklerden çekilip bilinjekdigini öňe sürdi

ABŞ Eýrana duýduryş berdi

Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesinde göz öňünde tutulan şertnamanyň birinji tapgyry üçin kesgitlenen möhlediň gutarmagyna diňe bir-iki hepde galdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Eýran bilen aralarynda henizem uly garaýyş tapawutlylygynyň bardygyny belledi we ABŞ-nyň gepleşiklerden çekilip bilinjekdigini öňe sürdi.
Kerri ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň Eýranyň gepleşiklerde ýadro maksatnamasynyň parahatçylyklydygyny subut etmek üçin ýeterlik derejede tagalla etmeýändigine göz ýetiren halatynda gepleşiklerden çekilmäge taýardygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar