Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýadro gepleşikleri başlady

Gepleşikleriň 2 gün dowam etmegine garaşylýar

225723
Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýadro gepleşikleri  başlady

Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýadro gepleşikleri Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde başlady.
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunabsary we Eýranyň adyndan ýadro gepleşiklerini alyp baryjy Abbas Arakçy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň wekili Wendi Şermanyň arasyndaky gepleşikler metbugata ýapyk ýagaýda geçirilýär.
Gepleşikleriň 2 gün dowam etmegine garaşylýar.
Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerriniň hem ýekşenbe we duşenbe günleri duşuşmaklary meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Eýran billen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy ABŞ-nyň, Russiýanyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Hytaý bilen Germaniýanyň arasynda giň gerimli ýadro gepleşiginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar