Putin Türk akymy meselesini gün tertibine getirdi

Putiniň Wengriýa guran saparynyň çäginde Türk akymy meselesi seljerildi

Putin Türk akymy meselesini gün tertibine getirdi

Wengriýada saparda bolan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin resmi saparynyň çäginde Premýer ministri Wiktor Orban bilen möhledi şu ýyl tamamlanýan tebigy gaz şertnamasynyň dowam etdirilmegi barada ylalaşyk gazandy.
Putiniň Wengriýa guran saparynyň çäginde Türk akymy meselesi hem seljerildi.
Rus lideri Putin; “Günorta akym taslamasyndan ýüz öwürmedik. Taslamanyň gurulmagyna rugsat berilmedi. Şol sebäpli hem Russiýa bu taslamadan ýüz öwürmäge mejbur boldy” diýip belledi.
Putin Günorta akym taslamasy üçin Russiýanyň we Wengriýanyň şärikliginde açylan SAUT SİTRİM HANGİRİ firmasynyň, Türk akymy taslamasynyň Wengriaýda bölüminde ulanylyp bilinjekdigini nygtady.
Rus lideri gazyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirilmegi üçin hem ähli taraplaýyn goldaw berjekdiklerini ýatlatdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar