Ysraýyl-Müsür serhedinde çaknyşyk boldy

Çaknyşykda ysraýylly 2 gaçgak öldürildi

215839
Ysraýyl-Müsür serhedinde çaknyşyk boldy

Ysraýyl-Müsür serhedinde müsürli esgerler bilen çaknyşan ysraýylly 2 gaçgak öldürildi.
Ysraýylyň radiosynyň berýän habaryna görä Nizana etrabynda başdan geçirlen wakadan soň ysraýylly esgerler duýduryş odyny açdy.
Mesele barasynda beýanat beren harby çeşmeler wakanyň başdan geçirlen ýerinde neşe maddalarynyň tapylandygyny öňe sürdi.
Müsürli harby ýolbaşçylar bolsa serhediň Ysraýyl tarapyndan bir gaçgagyň nyşana alynandygyny we gaçgagyň ykbaly barada hiç hili maglumatyň ýokdygyny belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar