İordaniýa YSYS terror guramasyndan ar alýar

İordaniýa tussaglykdaky terrorçy Sajide Al Rişawi bilen birlikde ýene-de bir terrorçyny öldürdi

 İordaniýa YSYS terror guramasyndan ar alýar

YSYS-yň iordaniýaly uçarmany Muaz Al Kesasibi öldürmeginden soň İordaniýa tussaglykdaky terrorçy Sajide Al Rişawi bilen birlikde ýene-de bir terrorçyny öldürdi.
İordaniýanyň hökümeti YSYS-yň Kesasibeniň öwezine tussaglykdaky terrorçy Rişawiniň boşadylmagy teklibini kabul edipdi emma uçarmanyň ýaşaýandygy barada anyk subutnama sorapdy.
YSYS terror guramasynyň iordaniýaly uçarmany öldürendigi hakyndaky wideo-ýazgylar sebäpli İordaniýa Sajide Al Rişawinyň başda durmagynda İordaniýanyň tussaghanalarynda tussaglykda saklanýan YSYS-iň ýokary derejeli agzalaryny öldürjekdigini habar beripdi.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi YSYS terror guramasynyň ýesirlikdäki uçarman Muaz Al Kesasibäni öldürmegini ýazgardy.
Türkiýe uçarmanyň öldürilmegi sebäpli İordaniýa duýgudaşlyk bildirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar