Musulman doganlara agza 183 adama ölüm jezasy berildi

Kaziýet işiniň çäginde iýun aýynda 188 adama ölüm jezasy berlipdi

207204
Musulman doganlara agza 183 adama ölüm jezasy berildi

Müsürde Musulman doganlara agza 183 adama ölüm jezasy berildi.
Müsüriň kaziýeti “Kirdase gyrgynçylygy” hökmünde bilinýän kaziýet işiniň çäginde aýyplanýan 183 adama 2013-nji ýylda başdan geçirlen wakalarda 16 polisiň öldürilmeginde uly rol oýnandygy sebäpli ölüm jezasyny berdi.
Ýurduň ilkinji saýlanan prezidenti Muhammed Mursiniň 2013-nji ýylyň iýul aýynda agdarylmagyna Musulman doganlaryň başda durmagynda käbir gatlaklaryň wekilleri garşylyk görkezdi.
Harby agdarlyşyga garşy guralan ýörişler bilen başlan çaknyşyklarda müňlerçe adam ýogaldy.
Göz tussaglygyna alynan birnäçe adam hakynda gozgalan kaziýet işiniň çäginde iýun aýynda 188 adama ölüm jezasy berlipdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar