Müsürde bombaly hüjüm guraldy

Hüjümde 30 adam öldi, 50 adam bolsa ýaralandy

202957
Müsürde bombaly hüjüm guraldy

Sina ýarymadasynda Ariş we Suets şäherleriniň howupsyzlyk güýçlerine bombaly hüjüm guraldy.

Hüjümde 33 adam öldi, 50 adam bolsa ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini YSYS terror guramasynyň Sinadaky bölümi Ensar Beýtül Makdis öz üsütüne aldy.


Hüjüm sebäpli Prezident Abdulfettah Sisi Afrika Bileleşigi sammitini gatnaşmak üçin giden Efiopiýa saparyny tamamlaman ýurdyna geler.

ABŞ hem hüjümi berk ýazgardy.


ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy tarapyndan berlen ýazmaça beýanyna görä, ABŞ bilen Müsüriň arasyndaky strategik ylalaşyga görä, ABŞ terrorçylyga garşy göreşde Müsüriň hökümetine goldaw bermäge dowam eder



Etiketkalar:

Degişli Habarlar