Ukrainada dartgynlyk dowam edýär

Hüjümleriň bes edilmegi ugrunda ylalaşyk gazanmak üçin diplomatik tagallalar dowam edýärkä çaknyşyklarda ýogalanýanlaryň sany barha artýar

196325
Ukrainada dartgynlyk dowam edýär

Maýupolda guralan roketaly hüjümde azyndan 15 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Russiýanyň tarapdarlary Ukrainanyň port şäheri Marýupola roketaly hüjüm gurady.
500 müň ilatly şäher soňky günlerde Russiýanyň tarapdarlarynyň hüjümlerine sezewar bolýar.
Russiýanyň tarapdarlary Ukrainanyň goşyny bilen bolan çaknyşykda käbir ýerleri alandyklaryny beýan edýär.
Käbir ýerlerde ukrain goşunlarynyň Donetsk serhedine çenli yza çekilendikleri habar berilýär.
Donetskiň howa menzilini almak üçin dowam edýän çaknyşyklarda hepdäniň dowamynda azyndan 30 adamyň ýogalandygy nygtalýar.
Russiýanyň tarapdarlarynyň lideri Aleksandr Zakarçenko Ukraina bilen hüjümleriň bes edilmegi baradaky gepleşiklere gatnaşmajakdyklaryny beýan etdi.
BMG-dan berilen beýanatda çaknyşyklaryň başlan aprel aýyndan bäri ýogalanlaryň sanynyň 5100 adama barabardygyny habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar