Yrakda terror guramasy YSYS-a operasiýa guraldy

Yragyň Salahaddin operasiýa güýji tarapyndan başladylan operasiýalaryň çäginde 15 terrorçy öldürildi

Yrakda terror guramasy YSYS-a operasiýa guraldy

Mosulyň Sinjar etrabyna YSYS tarapyndan guralan hüjümde bolsa peşmerge bilen terrorçylaryň arasyndaky çaknyşykda 10 terrorçy öldürildi.
Yrakda bombaly hüjümleriň hem yzy üzülmeýär.
Bagdat bilen Erbil şäherlerindäki bombaly hüjümlerde bir sanysy polis gullukçysy 8 adam ýogaldy.
Şaýylaryň ýaşaýan As-Sadr şäherinde bomba ýüklenen motosikl bilen guralan hüjümde 9 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.
Şuweýb etrabyndaky işýerlerinden biriniň öňünde guralan bombaly hüjümde-de 2 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar