Eýran bilen ýadro gepleşikler

Eýran bilen ýadro gepleşikleri şu gün ministrleriň orunbasarlary derejesinde Ženewada başlaýar

Eýran bilen ýadro gepleşikler

Eýranyň wekiliýeti Amerikanyň wekiliýeti we 5+1 ýurtlaryň wekilleri bilen 17-nji ýanwara çenli özara gepleşikler geçirer. 18-nji ýanwarda bolsa Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň wekilleriniň arasynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde gepleşikler geçiriler.
Beýleki tarapdan şu gün başlajak ýadro gepleşikleriniň öň ýanynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we eýranly kärdeşi Jawad Zarif düýn Ženewada duşuşdylar.
Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi Kerri-Zarif duşuşygy barasynda “Gepleşikler diýseň çynlakaý geçdi, ähli meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy” diýdi.
Ýadro gepleşikleriň sonky tapgyry 17-nji dekabrda Ženewa şäherinde geçirilipdi.
BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary ABŞ, Russiýa, Hytaý, Britaniýa we Fransiýa bilen Germaniýada ybarat bolan 5+1 toparynyň we Eýranyň arasynda dowam etdirilýän ýadro gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylyp bilinmändi we gepleşikler 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli uzaldylypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar