Britaniýada musulman zenanlara howp abanýar

Britaniýada ýigrenç jenaýatlary barada barlaglar geçirýän guramalar we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary ýurtda musulmanlara, hususanda zenanlara garşy yslamafobiki hüjümleriň sanynyň artýandygyna ünsi çekýär

176068
Britaniýada musulman zenanlara howp abanýar

Britaniýanyň Musulman geňeşinin metbugat geňeşçisi Halil Çarles Britaniýada ýaşaýan musulmanlaryň özlerini günsaýyn howply duýmaga başlandyklaryny nygtap “Musulman zenanlar köçelerde kemsidilýär. Musulman zenanlaryň gorkuzulan ýerleri boldy. şeýlede metjitlerimize baryp-gelýärkäk bizi kemsidýän, äsgermezçilik edýän adamlar bar” diýdi.
Çarles “Geçiren soňky barlaglarymyza görä Britaniýada ýaşaýan musulmanlar özlerini howply we basyş astynda duýýar” diýip nygtady.
Britaniýada 3 milliona golaý musulman ýaşaýar. Şol sanyň 2030-njy ýyla çenli 5,5 milliona ýetmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar